MENU

00:33
Sary sowran

SARY SOWRAN


Nowruz döwrüniň ortalarynda ýagýan ýagşa pederlerimiz «sary sowran» diýip at beripdirler. Ýurdumyzda guşlaryň birnäçe görnüşi göçüp-gonup ýörmän, hemişe şol bir ýerde ýaşaýarlar. Olaryň käbiri bolsa gyş ukusyna gidýärler. Çekik guşlary, geçiguşlar köweklerde ýa-da başga bir amatly ýerde gyşlaýarlar. Olar ýazda howa maýlap başlanda, gyş ýatagyndan çykyp, guma oýkanyp, tozan turuzýarlar, silkinýärler. Şol döwürde ýagýan ýagşa-da «sary sowran» diýip at berýärler. Ýandepderçämde şeýle bellik bar: «1991-nji ýylyň 5-nji aprelinde ýagyş ýagdy. Ýaşulular şol ýagşa «sary sowran» diýdiler».
Halk arasynda «Sowrany bolmadygyň döwrany bolmaz» diýen pähim hem bar.

Hangylyç TAGANGYLYJOW
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär
Категория: "Jahanda näler görüner" | Просмотров: 55 | Добавил: Medicall | Теги: Hangylyç Tagangylyjow | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz