MENU

10:01
SATMADYM
SATMADYM

Sen hakyky syrdaş, sensiñ çyn dostum,
Ähli syrlarymy içiñe salyp,
Hiç kime bildirmän, gizlediñ ýördüñ,
Hiç haçan ikilik etmejek bolup.

Sen hakyt ynamym ödediñ gardaş,
Bolmasa köp gezek göwnüñe degdim,
Ne-hä gaharlandyñ, ne ýüzme basyp,
Ne-de bir sen meniñ göwnüme degdiñ.

Ilkinji muşdagym, iñ ilki dostum,
Bilýäñmi?, Bir gezek gahara yñyp,
Özüme öz sözüm geçmän mahaly,
Seni ellerimden goýberdim zyñyp.

Soñam edenime puşmanlar bolup,
Ylgap, üsti-başyñ kakyşdyrypdym,
Ýagtylan ýüzüñe ýylgyryp bakyp,
Seniñ mañlaýyñdan öpüşdiripdim.

Bu ahwaly hiçkim görmändi, ýöne,
Gören bolsa gülüp için tutardy,
Eý eziz telefon şeýdibem biziñ,
Iñ wepaly dostlugymyz gutardy.

Seni soñam satyp bilmän hiçkime,
Ençe wagt gapyrjakda sakladym,
Señ maña wepañy haklajak bolup,
Menem seni hiç birine satmadym...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 10:26, 27.04.2023
Ne-hä gaharlandyñ, ne ýüzme basyp,
Ne-de bir sen meniñ göwnüme degdiñ.

"ýüzüme basybyň" öňündäki "ne" artykmy?
"ne-hä gaharlandyñ, ne-de bir ...göwnüme degdiñ"
- şularyň arasyndaky "ne ýüzme basyp" bolman durandan ýaly.

***
"Seni soñam satyp bilmän hiçkime..." diýeňde satjak bolup alyjy tapman satyp bilmediňmi ýa-da satmaga dözmediňmi? :-)
haý, "wepañy haklajak bolup, ...seni hiç birine satmadym..." diýseňem, satjak bolup synanyşypsyň ýaly...
dogryňy aýt :-)
avatar
0
2 Мango • 10:27, 27.04.2023
goşgy ýyzyyllyk däl. ýöne ýylgyrmak üçin ýaly.
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 10:49, 27.04.2023
,,Ne" sözi gerek o ýere bolmasa bogun sany kemelýär we sözlemiñ manysy ýitýär.

Döwülen telefon kime gerek, telefon satýanlaram almady)))
avatar
0
4 Мango • 11:46, 27.04.2023
"Döwülen telefon kime gerek, telefon satýanlaram almady)))"

näme-de bolsa "wepañy haklajak bolup, seni satmadym" diýip aldap otysyň-da :-)
wepa - bu diňe goşguda bar, durmuşda ýok-da onda...
avatar
0
5 @Baýram_Bejidow • 12:49, 27.04.2023
Ol-a bir telefon...)))
avatar

uCoz