MENU

20:58
Saýrady


Gelip-gidip duran wagty demimiň,
Yşkym, derman seniň ýeke dilimiň!
Öňler saýramasy bardy dilimiň,
Baharda ýüregim saýrap başlady.

Has süýjedip bu durmuşyň kyssasyn,
Ömür bizi ak ýollara gyssasyn,
Ýadyndan çykaryp çeken gussasyn,
Baharda ýüregim saýrap başlady.

Heser urup gursaklara, başlara,
Ýaz geldigi orun bolmaz gyşlara,
Meňzedip özüni saýrak guşlara,
Baharda ýüregim saýrap başlady.

Paýrasadym, ýagşyň paýraýşy ýaly,
Ýaýrasadym, gülleň ýaýraýşy ýaly,
Edil bilbilleriň saýraýşy ýaly,
Baharda ýüregim saýrap başlady.

Agaçlar başagaý pyntyk ýaryşyp,
Arzuwlar uçup ýör ganat ýaýyşyp,
Uçup gelen guşlar bilen ýaryşyp,
Baharda ýüregim saýrap başlady.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Nurdаn | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz