MENU

03:50
Şem ýakjak!
ŞEM ÝAKJAK

Ýene-de şem ýakjak!
Ýatlajak tozana garylan günüm,
Señ keşbiñi göz öñüne getirip
Aglapdym öñem,
Goý, atsyn dañym,
Ýene-de şem ýakjak!

Çöşläberjek köne günleñ ýumagyn,
Şol ýumaklañ arasynda ýañagyñ,
Düwün atan bolsa dişläp çöşlejek,
Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak,
Ýene-de şem ýakjak!

Men perwana ýaly ýangynda ötjek,
Özümem idil däl, wah, senem hötjet,
Şemiñ ýanyp damýan gözýaşlaryna,
Aglajak!
Ýüregim dökjek!
Şem ýakjak!

Dogup gelýän eý Gün!
Az wagt saklan!
Ýanan söýgim çirkizipdir gabaklam,
Señem bulut bilen aglan halatlañ
Men saña düşünip gamlandym, bilýäñ!
Bilýän bolsañ näme ýylgyryp gelýäñ!?
Saklan!
Köne söýgiñ palyna bakjak,
Men şem ýakjak!

Aşyr AŞYROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Belki | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 6
avatar
1
1 aygull • 17:04, 07.03.2024
Gygyraýşyny Aşyryň...
avatar
0
2 Medicall • 17:11, 07.03.2024
Gowy ýazýaken şu awtor, öñ bilemokdym
avatar
1
3 aygull • 17:35, 07.03.2024
Babasyna cekendir))
avatar
0
4 Medicall • 22:25, 07.03.2024
Ahmal, şeýledir, ýöne Babasy kimka, Aýgül?! :)
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 22:27, 07.03.2024
Italmaz Nury, Nurdan.
avatar
0
6 Medicall • 22:31, 07.03.2024
Tüweleme, üýtgeşik ýazýar diýýan, bir emmasy barikenda...
avatar

uCoz