MENU

21:02
“”Sen”
“SEN”

Deňiz,
Tolkun,
Sen.

Deňiz
Deňizçileň öz tenin
sypalara tabşyrýan
Perişanmoý, serhoş gyz.

Tolkun.
Bir didar
Göwüsleriň iň gözel
inişin,
Kenarlaryň gujagyna hödürleýän bir dildar.

Sen
Deňizden, tolkundan doly
Taýyp gidýäň lerzana
Garagol çaganyň eline düşen
Balyjak ýaly.

*******

Deňiz dynç alýar,
Deňiz ynjalsa,
Tolkuna ajal
A sen …?
Tolkun sen,
Deňiz hem

Gökde güneş,
Göýäki ataş
Çabga
Ýagyş
Çyplak sen,
Kümüş damjalar,
Nuruň tansynda
Teniňden syrygyp çägä düşýärkän,
Aşyk daglaryň ýaýraň aňynda
Gazylan nagyş
Sen, sen, sen …
Deňiz, tolkun sen!

11.2022.ý.

© Ybraýym BADAHŞAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 13:57, 18.12.2022
gyzykly gurluşy bar goşgyň.
"Deňiz, Tolkun, Sen" -diýip başlanýar.
soň hersine aýratynlykda ýüzlenýär.
şeýdip goşgy jemlenýän ýalam bolsa, yzyndaky täze goşgy ýalam bolsa... ol dowamy bolup dowam edýär.
soň ýene-de "Deňiz, Tolkun, Sen" -bilen tamamlanýar.
===
Deňiz
Deňizçileň öz tenin
sypalara tabşyrýan
Perişanmoý, serhoş gyz.

düşünmedik ýerim.
deňizi häsiýetlendirende ony serhoş gyza deňelýär.
şo setirlerdäk "ten" kimiň teni?
deňizçileriňmi? serhoş gyzyňmy?
("Deňizçileň öz tenin sypalara tabşyrýan...").
sypa- muňa-da düşünmedim.
===
Tolkun.
Bir didar
Göwüsleriň iň gözel
inişin,
Kenarlaryň gujagyna hödürleýän bir dildar.

ikinji setirdäki didarmy ýa dildar?
===
Deňiz dynç alýar,
Deňiz ynjalsa,
Tolkuna ajal

deňziň köşeşmegi tolkun üçin ajal.
tolkunyň diriligi deňiziň harasatyna bagly.
gyzykly synçylyk, gyzykly deňeşdirme.
ýöne, umuman owadan täsir ediji setirleri bolsa-da goşga doly düşünip bilmedim.
avatar
0
2 ibrahimbadakhshan • 19:31, 18.12.2022
Öz goşgyňy açyklap bermek bir hiliräk!
Ikinji bentde: deňiz: gyz, deňizçileň tenini sypalaýar ( sypaýar)
3-nji bende, birinji söz dida:r, soňky söz dilda:r
avatar
0
3 Мango • 19:49, 18.12.2022
minnetdar.
"sypalar" sözi ýalňyş okan ekenim (süýndirmän okapdyryn).
Deňiz - deňizçileň tenin sypap ýören perişanmoý serhoş gyz" -diýip düşünmeli eken.
"sypalara tabşyrýan.." - bir hili öwrenişmedik sözlem gurluş. "sypaladýan" diýlende aňsat düşünjek ekenim.

Deňiz
Deňizçileň öz tenin
sypalara tabşyrýan
Perişanmoý, serhoş gyz.
avatar

uCoz