MENU

23:34
Sen...
SEN...

Kalbyma milt edip bilmez,
Puldan haly dokaýanam,
Mähriñ deý gark edip bilmez,
Meni Ýuwaş okeanam.

Saña ýetmek ýeke gamym,
Yşkyñ oduna tütäp men,
Teşnesi kän okamagyñ,
Açylmadyk bir kitap sen.

Iriñlän gussam bir ýana,
Zyñyp, saña el uzatsam,
Duýarmyñ meniñ söýgümi?,
Ses ýetimdenem uzakdan.

Ömür az bolmasa, käşgä,
Ähli wagtymy sarp edip,
Ýaşadardym seni dünýäñ,
Ähli bagtyna gark edip.

Ýylgyrsañ älem ýagtylar,
Gamlansañ garalar pany,
Ählisi bir köpük, sensiz,
Ýaşamakda barmy many?!.

Gözläp taparyn bir tärin,
Täleýim çyksa-da hetden,
Señ bilen galmak islärin,
Müdümilik ahyrýetde.

Köpüsi bagt gözleýär,
Puldan ýa-da ýüz-keşipden,
Ynan, çynymy sözleýän,
Üýtgeşik sen üýtgeşikden.

Beýle ägirt, uly bagta,
Belki, däldirnem mynasyp,
Eger doglan bolsa şol men,
Saña ýeketäk çyn a:şyk.

Üşetse durmuş añzagy,
Señ gujagyñda ýylaýyn,
Gara mañlaýmyñ ak ýerne,
Ýazylan sen bol ylaýym...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 23:10, 16.07.2023
Gowy.
Ýöne gark bolmagam, gark etmegem gowy däl, onda-da iki gezek…

Mähriñ deý gark edip bilmez,
Meni Ýuwaş okeanam.

Ýaşadardym seni dünýäñ,
Ähli bagtyna gark edip.

Ýaşatmak, hem-de gark edip ýaşatmak…. :-)

Umuman goşgy nejis däl ýaly.
Üstünlikler, Baýram däde.
avatar

uCoz