MENU

18:48
SEŇ ADYŇ BAR
Ýeňil ýetdim saňa,dilber,
Edil seniň aýdyşyň deý.
Ýene maňa:"Özüň biliber"
Diýýäň garşy heý-heý.

Gadyryňy aýamadym,
Kartasy ýok ýollar içre.
Ýalana-da boýamadym,
Köp zatlary salyp içime.

Düşünmediň,düşünmedim,
Ara düşen sowukluga.
Saňa köp gezek ündedim:
"Ahwallar döner gowluga".

Kowma meni huzuryňdan,
Bagtymyza bir ädim bar.
Bar umydym ,hyrujym sen:
Ýüregimde seň adyň bar.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Medine | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz