MENU

23:32
SEN BOLMASAÑ...
Sen bolmasañ, ýylgyryş ýok,
Sen bolmasañ, men ýok düşün!,
Tomus, Ýazym, Güýzüm, Gyşym,
Ýagmaz garalan bulutlar,
Durnalar uçmaz asmandan,
Şem ýaly söner umytlam,
Ynamym galmaz asla-da,
Bilbil deý saýramaz dilim,
Gursak döner gury ada,
Ýa-da,
Tersine bolar ähli zat,
Bagtyñ çüwmegem ähtimal...,
Bolýa-la öýkeläberme,
Sen juda eziz, mähriban,
Sende gülleriñ, ýazlaryñ,
Berip bilmejek mähri bar.
Sen bolmasañ sowar älem,
Kalbymdan ýylylyk gider,
Sensizlige deñemäne,
Söz tapamok mundan beter!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 131 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:44, 25.07.2023
Sen bolmasañ...
Ýagmaz garalan bulutlar,
Durnalar uçmaz asmandan...

-diýýän ýerlerinde, içimdäki oturan kişi ses çykarmaga başlady:
sen bolmasaň...
ýagar bulutlaram,
durnalaram uçar asmandan,
ýöne, duýmaryn bulutlaň ýagyşyn,
durnalaň asmandan uçuşyn...

"sen bolmasaň" - bu gorkuzmagyň bir görnüşimikä?
"sen bolmasaň, senemjan" - onda bu näme?
***
gowja goşgy, baýram däde...
berekella.
avatar

uCoz