MENU

12:54
Sen geldiñ
SEN GELDIŇ

Ykbalyma özlügimden öň geldiň,
Ýaşap ýörkäm ýaşap bilmän tolguna.
Gözlerimde didaryňy doňduryp,
Sen geldiň, ýylylygy ornaşdyryp kalbyma.

Sen geldiň, gelende örän ymykly,
Müňlerçe gyş,
Ýaz, tomus, güýz ykbalymdan göçmejek.
Sen geleňde öýken giňäp demikdi,
Bagtam durdy, wagtam geçdi geçmejek.

Öňler ýalňyz gyşyň ahyn diňlärdim,
Geleliň bäri,
Bu kalbymda diňe bahar aýdymy.
Ah, bu dünýä, yşga düşmez düňledim.
Eý ene ýer, asman, bütin ýaşaýyş,
Aýt indi yşk, diňläýin men aýt hany.

Ýok, bu öwgi däl, sen muny bilmeli,
Sen çylşyrym hem-de örän düşnüksiz
hem pylansyz ykbalyma deň geldiň.
Goý, indi gelmesin ähli gelmeli,
Esasy zat sen geldiň.

Ahmet Arazow
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Seýrаn • 23:56, 28.06.2024
Munda täzelik döredesiň gelipdir, ymykly gelmegi, ähli gelmeli gelmesin ýaly. Şu soňky setiriň poetik däl, esasy zat köçeräk dilde.
avatar

uCoz