MENU

01:41
Sen hakda şygyr ýazdym
SEN HAKDA ŞYGYR ÝAZDYM...

Sen hakda şygyr ýazdym,
Üýtgedi gijäň reňki.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Gymyldady garaňky.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Yşgyň bile awunyp.
Seret gögüň ýüzüni,
Terk edipdir mawylyk.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Galam ýasap polatdan.
Çagbasyn tama etmen,
Garny suwly bulutlaň.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Ähdi bozan baýnamaz.
Indi oýunçy dünýä,
Meniň bilen oýnamaz.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Ynan goýbersem-de köst.
Meniň saňa yşgymdan,
Gaýrysy ýalandyr dost.

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 179 | Добавил: Medicall | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 4.2/6
Всего комментариев: 5
avatar
2
1 Мango • 15:25, 13.12.2022
ol yşgyna düşülen dost kimkä?
gowy gosgy.
avatar
3
2 Medicall • 23:40, 13.12.2022
Hezreti Muhammet S.A.W diýip düşündim men-ä
avatar
1
3 Мango • 00:45, 14.12.2022
şeýle ýaly.
Şahribossan ýazansoň-a hasam şeýle ýaly.

"ähdimi bozmaryn, dünýäge-de özümi aldatman. Seniň yşgyňa düşemden soň, ähli zadyň ýalandygyna aň ýetirdim.."
elbet-de ol Dost Ol bolmaly.
avatar
0
4 sussupessimist • 09:30, 01.03.2024
Ol näme üçin uly harp bilen bolmaly? Ol Hudaý däl ahbetin.
avatar
0
5 Küle • 14:08, 01.03.2024
Özümizden bir wezipe ula Siz diýdirilip öwrenipdiris.
"... Siz(iň aly hezretiňi)den haýyş edip soraýaryn"-diýen ýaly.
Goşgy kime bagyşlananam bolsa haladym.
avatar

uCoz