MENU

22:15
Sen hem bahar

Bahar geldi
agaçlar täze lybas
geýnip öñküsinden gözelleşer has!

Bahar geldi
doñup ýatan çeşmeler,
seniñ täsin zülpüñ kimin çöşlener!

Bahar geldi
gözleñ öñküden nurly,
olar meni telbe etmekçi borly!

Bahar geldi
ýañaklaryñ ot deý - al,
öpsem, dodagymy ýakmagy ahmal!

Bahar geldi
uçsam diýýär gaşlaryñ,
goşlarly içine garlawaçlaryñ!

Bahar geldi
dodaklaryñ ýylgyrýar,
diýjek sözün diýip bilmän, ýygşyrýar.

Bahar geldi
beýle gelmändi heniz,
bahar saña, ýa sen bahara keniz!

Bahar geldi
dumanladyp serimi,
sen şol öñki gyzmy, ýa-da perimi?!

Bahar geldi
dörjäp ýüregmiñ törün,
oña yşk nahalyn oturdyp ýörün!

Hemra ŞIROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 22:38, 06.01.2024
ýanwaryň altysyna "bahar geldinem" okadyk.
marta barsak nämmolar?

gowja goşgy.
avatar
0
2 Lacrymosa • 23:00, 14.01.2024
Ajaýyp goşgy duşýar, şol günem 1-nji mart!
avatar

uCoz