MENU

22:37
Sen indi uzaga gitme

SEN INDI UZAGA GITME

Sen indi uzaga gitme!
Goýma ýolda gözlerimi.
Şygra sala-salabilmän,
Kösenýän men sözlerimi.

Sen gitme indi uzaga!
Demigip barýan ýaly men.
Göýäki göwnümi ýere,
Degirip barýan ýaly men.

Sen indi gitme uzaga!
Aşma däli derýalary.
Seni gözläp, hyýal, düýşde,
Torç etdim men derýalygy.

Sen gitme indi uzaga!
Nätjek ýürek üzüläýse?!
Ynjarmyşyn gabak, gaşlar,
Gözler ýaşa eziläýse.

Sen indi uzaga gitme!
Bu meniň soňky haýyşym.
Ýene-de dert bolup dömer,
Ýogsa bu gussa, nalyşym.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 09:42, 07.03.2023
Şygra sala-salabilmän,
Kösenýän men sözlerimi.

şujagaş ýerde sözleri sakawladyp, kösenji has täsirli edipdir. :-)
---
Ynjarmyşyn gabak, gaşlar,
Gözler ýaşa eziläýse.

interesnyý filosofiýa.
göz aglasa (aslynda aglaýan gözem däl-le), göz aglasa gabagam çişer, gaşlaram sallanar... ýagny gözüň ýaşyna "goşant" goşýalar.
---
Sen indi gitme uzaga!
Aşma däli derýalary.
Seni gözläp, hyýal, düýşde,
Torç etdim men derýalygy.


şu ýerä "kösenilen" ýer ýaly. "derýalary-derýalygy" kapiýasy üçin birhili-birhil-ä bolan ýaly.
gözleýär. hyýalda. düýşde... (her ýerde) ýöne derýalygy torj edýär. näme sebäpli ala-böle derýalyk?
gözlegini ulaldyp, hyýalda-düýşde diýip, soňam ýönekeýje ýa-da anyk adres berýär - derýalyk. olam diňe kapiýa üçin.
Ogultäç genje, döredijilik üstünlikler size.
avatar

uCoz