MENU

17:49
“Sen şeýle bir aýdym aýtdyň...”

Sen şeýle bir aýdym aýtdyň,
Owazyň geçdi içimden.
Eldar Ahmetmikäň öýtdüm
Kalp sazyňdan suw içende.

Arasynda pynhan bakyp,
Ýylgyrýarsyň juda ajy.
Naçar ýüregimi ýakyp
bilýäň.
Aýt, bu nämäň öji?

“Jereni”, “Leýlany” aýtdyň,
Gözeller geçdi diliňden.
Sojap-sojap öýe gaýtdym,
Gözümi gizläp deňiňden.

Birje ýada salaýmadyň
Kalby üzük jenanyňy.
Göwnüm üçin çalaýmadyň,
Wah, sen “Uzukjemalymy”...

16.10.2023ý.

Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 151 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 aygull • 18:35, 17.10.2023
Gowy goşgy bolupdyr.
avatar
0
2 Pero • 08:13, 18.10.2023
Tüweleme! Uzugyñ baṣga ýazanlaryny hem okasak gowy bolardy. Bu goṣguda duýgy has güýçli eken. Adam baṣyndan geçirip ýazanda,syzyp ýazanda baṣgaça bolaýýa. Belki ṣoñ üçindir ṣahyrlaryñ köpüsi muza gözläp gaýta-gaỳta aṣyk bolup heläkdir. :))))
avatar

uCoz