MENU

13:12
Sen şolmudyň?

SEN ŞOLMUDYÑ?!.

Men "Sen" diýip, Ýerden üzdüm aýagmy,
Gör, "Sen" diýip, telwas etdim göge men.
Geldim, bir bilbilem, şeýdaýy göwnüm,
Gül küýsedi Aý üstünde gögeren.

Söz ýok!
Sözlüge sygmadym indi!
Bak, baryny aýan eder didelem.
Ahyrsoňy şa gyzyny aparýan
Gadym ertekileň garyp ýigdi men.

Men gedaý göwnüňe wysal dälmidim,
Hanlaryň tamasyn tala daňmyşam.
Bitaýam, binesip bolup gämiden,
Nuhuň tupanyndan aman galmyşam.

Bir jyndym,
Çüýşäni etdiň kül-owram,
Maňa Hakdan berlen paýymmydyň sen?!
Diýdiň:
- Sen şolmudyň?!
Atdym başymy.
Owaldan baryna taýynmydyň sen?!..

© Merdan BAÝAT
Категория: Goşgular | Просмотров: 227 | Добавил: Мango | Теги: Merdan Baýat | Рейтинг: 5.0/6
Всего комментариев: 8
avatar
1
1 Мango • 13:26, 24.06.2023
asmana galyp "Aý üstünde gögeren Güle" gowuşmak....
nähili bagt. :-)
avatar
0
2 aygull • 17:17, 24.06.2023
Aýtmaň)))
avatar
1
3 Medicall • 01:36, 25.06.2023
Bu goşgyñ gowudygyny, Aýyñ üstündäki Gül,:)

şu ýerinde:
"Söz ýok!
Sözlüge sygmadym indi!"

şu ýadyma düşdi:

"Çekimli çekimsiz sesleñ gopguny... " :))
avatar
0
4 Seýrаn • 14:21, 22.06.2024
Ajap goşgy bolup.
avatar
0
5 sussupessimist • 14:34, 22.06.2024
Merdan futbol görmeýän wagty gaty romantik eken))
avatar
0
6 aygull • 14:49, 22.06.2024
Ýar duşsa-da, dost duşmasa nätjek?))
avatar
0
7 Pero • 08:40, 24.06.2024
Ne romantik goşgymyş.
Aýgül,ýar bolan dost,dost bolan ýar bolup bilmeýär köplenç. Ýöne siz ikisem bolup bilersiñiz öýdýädim,sebäbi ikiñizem ýazýañyz,şoñüçiribem bir-biriñize gowy düşünäýjek ýaly.
avatar
0
8 Mekan2 • 11:56, 24.06.2024
ony Maksada kakdyryp diýen bolýa
avatar

uCoz