MENU

21:02
Sen surat çekipsiñ
SEN SURAT ÇEKIPSIŇ

Sen surat çekipsiñ şeýle enaýy,
Gözlerde görünýär dünýäniñ gamy.
Neçüýn geýdirmediñ oña daraýy -
Ýüpek ýüzli mawy galamyñ hany?
Ýatdan çykarypsyñ arzuwly dañy.!

Gizläpsiñ-a ýañakdaky damjalar -
Pyşyrdaýar ýapraklaryñ ýüzünde.
Meni görse Mizan biraz ynjalar,
Hyýallarym a:l asmanyñ ýüzünde.
Balkyldap dur, ýalpyldap dur sözümde.

Daşa seret - ho: l görünýän salgymda
Ganatlarym süýräp - süýräp men gelýän! gamda -
Gandyr öýtme janym ýüregmi dilýän!
Haýsy reñk söýýänim diñe sen bilýäñ...
Bu geçen ýolumy köwşümden sora,
Ýa-da ähli zady öýmäm pyśyrdar.
Akpamyk men - ýeññem bolmady jora
Tamada däl bu gün gulak daşarda -
Sen surat çek ähli zady başar - da!

Ýapraklar gaçypdyr, üstünde gyzlar,
Tans oýnaýar, "şark- şark..! " edip kaşykda.
Bilmen nirä barýar aýdymçy gazlar,
Indi olar öñki ýaly aşyk däl,
Men pyrlansam - pyrlanyşym ýaşlyk däl.

Sen bolsa suratyñ çekip otyrsyñ -
Güýz, kalbyma özüñi ekip otyrsyñ...

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Medicall | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 23:59, 16.07.2023
“Neçüýn geýdirmediñ ony daraýy…”
Belki: “Neçüýn geýdirmediñ oňa daraýy…”?
—-
Gizläpsiñ-a ýañakdaky damjalar -
Pyşyrdaýar ýapraklaryñ ýüzünde.

Şu setirem bir hili näsaz ýaly.
“gizläpsiň-ä” - mesele çykarýan ýaly…
“…ýañakdaky damjalar - Pyşyrdaýar ýapraklaryñ ýüzünde”
Nähili damjalar? Gizlenen damjalar. Ýöne, “gizläpsiň-ä” bolsa yzy “ýaňakdaky damjany” bolmaly ýaly…

Ýöne, Oguljemal genje has dogrusyny biler.
avatar
0
2 Балканов • 00:47, 24.03.2024
Duýgylar bilen oý-pikirler garym-gatym--- sazlaşmandyrlar.
avatar

uCoz