MENU

00:34
Sen üýtgeşik bolmasadyñ

SEN ÜÝTGEŞIK BOLMASADYŇ

Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Belki, söýmezdimem seni,
Kä ýürekler öýkeleşse,
Zordan almazdymam demi.

Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Asyl bagty duýmazdymam,
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.

Sesiñ bilen hüwdilenip,
Adyñ bilen galkynan men,
Käte deñiz, derýa ýaly,
Kenaryñda tolkunyñ men.

Hassalasam, derman boldyñ,
Kyn günimde tekgelik sen,
Umyt bilen ýaşap ýörin,
Barlygyñda dikgerip men.

Duýgylardan körän gursak,
Her gün saña alñasady,
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Medicall • 02:28, 26.02.2024
Ine bi bolýaram (zeýrenmänsiñ-a:)
avatar
0
2 Мango • 02:31, 26.02.2024
iňirdeýär-ä "asyl, söýgä uýmazdymam" diýip...
özem iki gezäm iňirdäpdir.

1)
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.

2)
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...
avatar
0
3 Medicall • 02:47, 26.02.2024
õñki iñirdilerini kään kemipdir munda))
avatar
0
4 garagar • 13:29, 26.02.2024
Baýram, öňki goşgularyňdanmy? Beýleki gowy goşgularyňdan pes gördüm. Ýa meň uly zada garaşýanym üçinem bolup biler.
avatar
0
5 @Baýram_Bejidow • 15:04, 26.02.2024
Garagar!

Hawa 2015-däki goşgy
avatar

uCoz