MENU

07:43
Sen we men
Sen we men

Jübütlidir çarh hem pelek,
Biri sensiň, bir-de men.
Bir maksatly goşa ýürek –
Biri sensiň, biri-de men.

Durmuş – umman, biz onda sal,
Bir-birege ynam hem hal,
Sagat göwre, gözel ykbal –
Biri sensiň, biri-de men.

Nurly güneş, mawy asman,
Rahat zemin, bagy-bossan,
Şirin şygyr, ajap dessan –
Biri sensiň, biri-de men.

Ýaşan, ýaşamaly wagtyň,
Ýetilen, ýetmeli bagtyň,
“Ykbal” atly täç hem tagtyň –
Biri sensiň, biri-de men.

Söýýän bar külpete çydar.
Biz – söýenşen iki çynar,
Bagt ýolunda goşa çyrag –
Biri sensiň, biri-de men.

Dik biliň, kuwwatly dyzyň,
Basylan, basmaly yzyň,
Gijäniň hem-de gündiziň –
Biri sensiň, biri-de men.

Zeminiň depesi asman,
Ýaşalmaz topragy basman,
Jümleleri ýazlan kyssaň –
Biri sensiň, biri-de men.

Azymberdi KAKAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Bagty | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 11:12, 23.12.2023
Bir maksatly goşa ýürek
Biri sensiň, biri-de men.

"goşalaşmagam" erbet deňeşdirme däl welin men-ä "ýarly, taýly" deňeşdirmäni halaýan.

goşa ýürek bolandan bir ýürek bolanyň ajap ýaly.
ýagny ýarym ýürek sende, ýarym ýüregem ýaryňda... soň birleşip goşa dälde bitin ýürek bolýaň... :-)

bu zatlar barada Gerta Burbe daýza gowy düşündirýär.

avatar
0
2 Мango • 11:20, 23.12.2023
Gijäniň hem-de gündiziň
Biri sensiň, biri-de men.

ine şeýle bolsa,
biri gije beýleki gündüz bolsa,
duşuşmanjyk geçerler şolar.
gije gelse gündiz gider,
gündiz gelse gije gider...
avatar
0
3 garagar • 12:59, 23.12.2023
Gowy aýdymy ýatlatdy:

Bir elmanın yarısı
Biri sensin biri ben
İki ceylan yavrusu
Biri sensin biri ben
avatar

uCoz