MENU

12:28
"Sen ýadyma düşýänsiñ.."

"SEN ÝADYMA DÜŞÝÄNSIŇ"

Şadyýan aýdyma hiňlenýän bolsam,
Ýa-da ele alsam depder-galamym,
Diýmek, onda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir alma ýaňagyň.

Goşgy ýazmak üçin ümsümje ýer hem
Owadan söz bolsa meniň gözlegim,
Şol pursatda sen ýadyma düşensiň,
Ýadyma düşendir ala gözleriň.

Tutuk asman ýaly tukat günlerde
Alyslardan maňa eliň uzatdyň.
Haçan, hiç zat keýpim bozup bilmese,
Sen ýadymdan çykan dälsiň uzak gün.

Başga arzuw ýokdur aýdyma dönüp,
Seniň gursagyňdan ýaňlanýan bolsam.
Seni unutmaga synanýandyryn,
Eger, men bir zada gamlanýan bolsam...

© Seýran SEÝITMÄMMEDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Seýitmämmedow | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 atayeva • 15:44, 13.05.2023
Seýran maňa bagyşlap "Meniň ýüregim gysar" diýen goşgyny ýazypdy. Ilkinji gezek maňa okap berdi, soň kompýutere geçirip getirdi. Ýokarsynda A.B diýip ýazypdyr. Bu goşgy 2014-nji ýylda Garagum zurnalda çap boldy, ýöne meniň adym ýok ekeni. Aslynda bolsa maňa ýazylan
avatar
0
2 atayeva • 15:50, 13.05.2023
Maňa bagyşlap goşgy ýazan adamlar
Seýran Seýitmämmedow
Akmyrat Jumaýew
Enwerem bir goşgusyny saňa ýazdym diýipdi, ýöne men ýatda saklamandyryn.
Ýene iki sany awtoryň goşgusy maňa ýazylan bolmaly.
avatar

uCoz