MENU

11:33
“Sen ýok...”

“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner…”
(aýdymdan)


Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni.

Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…

Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Şygryýetiň_aşygy • 11:54, 22.11.2023
Gowy goşgy.
«Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..» - şu setirler has akgynly, gowy bolupdyr.
avatar
1
2 Kyyas • 21:23, 22.11.2023
Sen ýok- ??? Kimkä? Sapa halypa! :)
avatar
1
3 Мango • 11:32, 23.11.2023
gowken.
ýok zadyň gadyry, bar zadyňkydan has gowy bilinýär.
aslynda tersine bolsady, hä?
bar zadyňy barka gadyryny bilegoýsaň.
avatar

uCoz