MENU

05:43
Seni göresim gelýär

Ýazlar joşsa jahanda,
Seni göresim gelýär.
Gökde şapak batanda,
Seni göresim gelýär.

Jepa bormy munça-da,
Keşbiň gülde-gunçada.
Göwnüm sähel ynjasa,
Seni göresim gelýär.

Çykyp düzgün-kadadan,
Gitsedim bu adadan.
Öz-özümden ýadasam,
Seni göresim gelýär.

Ýollar, heý, öwrüm-öwrüm,
Çykmyş ýoluňa ömrüm.
Ýüregmi göze öwrüp,
Seni göresim gelýär.

Gijeler daňa gurban,
Hoş sözler heňe gurban,
Gül ömrüm saňa gurban,
Seni göresim gelýär.

© Kakamyrat REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 211 | Добавил: Medicall | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 11
avatar
0
1 Мango • 11:38, 18.11.2023
"Ýüregmi göze öwrüp" - biraz büdrediberýä...

Ýollar, heý, öwrüm-öwrüm,
Çykmyş ýoluňa ömrüm.
Ýüregmi göze öwrüp,
Seni göresim gelýär.

---
beýleki "göresi gelmelere" sebäpler normalnyý welin aşakysy kellämi bulady:

Öz-özümden ýadasam,
Seni göresim gelýär.


ters okasak "öz-özümden ýadamasam, seni göresim gelmezdi", "özüm bilen başagaýkam, sen ýadyma düşeňok"... ýaly hem eşdilýär.

jemlemesi ajap.
avatar
0
2 Kyyas • 19:19, 19.11.2023
Seni göresim gelýär... Aýdymam barmydy? Ýa şu goşgy aýdym edip aýdyldymy?
avatar
0
3 Pero • 00:32, 20.11.2023
Gowy görýän,köp hiñlenýän aýdymym. Emma awtoryny bilemokdym.

"Öz-özümden" ýadasam seni göresim gelýär" men bolsa,näme üçindir ṣo setirleri has gowy görýän,köp gaýtalaýan. Awtoryñ näme üçin diýýänini ruhum bilen syzýan,emma sebäbini düṣündirip ber diýseler baṣarjak dål. Halbike Dowyýewa gowy aýdýa bi aýdymy.
avatar
0
4 aygull • 13:49, 29.05.2024
Halbike Dowyýewa işini görýä bu aýdymyň.
Myrat Öweze aýtdyrýadylar muny edebi düşuşyklarymyzda. Gaty gowy aýdýardy. Birinji aýdanam şolmuka diýýän.
avatar
0
5 Pero • 16:03, 29.05.2024
Aýgül,dodagyny kemşerdýän smaýlik saña
avatar
0
6 Medicall • 18:04, 29.05.2024
Owadaşyña işini görya diýeni üçripmi, aýaldogan))
avatar
0
7 Pero • 09:29, 30.05.2024
Owadaşymdygy üçin däl-de aýdyşyny halaýandygym üçin. Myradyñ aýdyşyny diñläp görmedim,belki oñ aýdyşam gowudyr.
avatar
0
8 Pero • 09:31, 30.05.2024
Ýöne wara,meñ aýdyşymy dagy diñläýseñiz başga hiç kimi diñläsiñiz gelmezdi. :)))
avatar
0
9 Medicall • 09:36, 30.05.2024
Diñlemeli etdiñdeýt )))))
avatar
0
10 aygull • 13:44, 30.05.2024
Sözlerini üýtgedip aýdýa Halbike. "Ýüregmi göze öwrüp" diýýän ýerine dagy, "Ýüregmi göze öwren" diýip goýberýä
avatar
0
11 Belki • 06:19, 01.06.2024
Şu aýdymy Pälwan bilen Hajam aýdýar bilelikde. Geñ ýeri, aýdyma başlamakalar, Pygamberimize bagyşlanan aýdym diýdiler. Dogrumyka?
avatar

uCoz