19:44 Seni söýmek | |
![]() SENI SÖÝMEK Seni söýmek — rahat tapmagy janyň, Seni söýmek — giňemegi dar dünýäň. Seni söýmek — bu çüwdügi ykbalyň, hem bahasyz peşgeş baky berilýän. Seni söýmek — duýup bilmek bar zady, Ýaşamak dünýäni ýaşan şekilli. Ýeke salym synlap durup bir zady, Görüp bilmek başga zadyň şekilni. Seni söýmek — hasratyňy egisýän ylhamyň jomartça eçilmegidir. Yşkdan gara gözüň kör bolmagy däl, Gaýta gapyl gözleň açylmagydyr. Saňa bolan söýgim bilen tapdym men mydam öz özümi ýitiren wagtym. «Men bagtly» diýmäge çatmaz aklym meň, Seni söýmek — çeni-çaky däl bagtyň. 2020 © Süleýman HOJANEPESOW Прикрепления: Картинка 1
| |
|
Всего комментариев: 0 | |