MENU

08:36
Seniñ bahañ
SENIÑ BAHAÑ

O gün jañ edeñde menden soraýañ:
"Howañyz nähili,sowukmy,maýyl?"
Tas diýipdim:"Olam özüñ ýaly-da
Açylyp-ýapylyp görkezýär oýun".

Bu günki howa-ha ediljek özüñ.
Bir görseñ,ýalpyldap,Kuýaş çykyp dur.
Bir görseñem, gazap donuny geýen,
Bulut Gün üstünden höküm edip ýör.

Onsoñ senem käte Güneş deý sahy-
Kalbymy ýyladýañ sözleriñ bilen.
Käte bolsa ýersiz bahana tapyp,
"Iýsem" diýýäñ ötgür gözleriñ bilen.

Sähel pursat tapsañ,derrew başlaýañ
Ahyrky sözüñi birinji aýdyp.
Şeýdip gaharyma menem söz berýän:
"Sen tarapa asla bakmaryn gaýdyp".

Wagt geçer,jañ edip hiç goýmarsyñ
Saña dözmejegmi bilýäniñ üçin.
Şol bir hatañ zol gaýtalar durarsyñ
Bir gün dözjegimi bilmäniñ üçin.

Sen habarsyz synag tabşyrýanyñdan,
Her bir hereketiñ bahasy goýlan.
Iñ soñunda bahalarñy toplasam,
Jemi näçe boljak,bilýäñmi,oglan?!

Synagdan ýykylsañ,peýdasyz bolar,
Ýerde ýatyp top deý togalansañam.
Bir ýykamsoñ,belki,bäşlik goýmaryn,
Soñundan ýalbaryp "dogumlansañam"

Agyp-dönüp duran enaýy oglan,
Synagdan ýykylyp,özelenme-de.
Aý,bolýa-da,senden beter gynanýan,
Bu synagda saña dözülenne-de...
2012 ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 8
avatar
0
1 Мango • 11:47, 27.03.2024
Agyp-dönüp duran enaýy oglan,
Synagdan ýykylyp,özelenme-de.
Aý,bolýa-da,senden beter gynanýan,
Bu synagda saña dözülenne-de... üçlüjek goýýan...

-diýersiň öýtdüm welin....dözdüň oturyberdiň. :-)
akgynly okalýar.
gowy goşgy.
avatar
1
2 Mekan2 • 12:28, 27.03.2024
Soñundan ýalbaryp "dogumlansañam"

hekaýa(laç)jyk

bir gün pýgg-ň inspektory saklaýa. çepimden gelip, elini çekgesine tarap hereket etdirip başlandan:
-pylan etr. ýgg işgäri pylany pylanyýew - diýip ýetişdi.
eliň çekgä ýetenini görüp ýetişmedim, maşynyň zat salynýan ýeri bar bolsa - hemmesini dörmek bilen başagaý. ýo, resminamaly gapjygy maşyn togtamaka tapdym. arasyna salar ýaly zat gözleýän. 
-agam, gatyrak barýaň weli, bir ýere howlugýaňmy ýa?..
diýýänçä ahyr tapdym, g... jübimden. gep uruş şekiline begendim. "heňinden-ä oňuşjaga meňzeýä"
-aý, howwa-laý...
ýapa degäýjek zat kellä gelnänsoň, sözümi gutarman, daşyndaky ýalpyldawuk harp bilen ýazylan "şahadatnamaň" ýarysy soýlup giden, içi "goşmaça enjamly" gapjygy uzatdym. çara göz aýlap yzyna uzatdy:
-dogumlansana biraz, agam.
içimden "Görogludanam beter dogumly kişi bormy" diýsemem:
-men-nä munnan artyk dogum ýokdur, özüň gaýrat edäýmeseň.
.......

gowy oglan eken.
avatar
1
3 Мango • 12:38, 27.03.2024
myhmanyň "biraz dogumlansana"-ly hekaýasy başga bir hekaýany ýada saldy.
geçen uruş döwründe... "esgerlere" howluda işlemäge iş buýursaň: "hany bir, guratlanaly-da" diýýädiler. 30 manat berersiň welin leňkilleşip bir ýerlerik giderdiler. bir salymdan guratlanyp gelip mellegiňde iş goýmazdylar...
avatar
0
4 Pero • 14:47, 27.03.2024
Dogumlanmak sözi sizi gör nirelere alyp gitdi
avatar
0
5 Mekan2 • 15:03, 27.03.2024
aýtma, otdan alyp, suwa saldy. meni ekzamenden ýykan şo söz. men nä sarkazmy-ýene göri bilýänmi, göni manyda düşünipdirin. bor-da, one more time täzeden synanyşaryn-da, next year.
avatar
0
6 Pero • 15:33, 27.03.2024
Ol aslynda ýykylmady egzamenden :)
avatar
0
7 Mekan2 • 15:44, 27.03.2024
hä, begenäýdim bagtly ýigide. onda şu setir:

Bu synagda saña dözülenne-de...

däl-de

Bu synaga seni dözülenne-de...

bolmaly-da.
avatar
0
8 Pero • 16:03, 27.03.2024
"Aý,bolýa-da" diýdigimden biläýsenäñ
avatar

uCoz