MENU

13:13
Sensizligiň jesedi

***

Çepbesine çöwrülipdir pikirlem,
Ýitip barýan dar paltomyň içinde.
Häzir asla peýda bolmaz şükürden,
Sensizligiň jesedi bar içimde.

Pikrim kesek gysan gawun mysaly,
Ýemşik-ýumşuk, alga alar ýaly däl.
Wysala duşmadyk söýgi däl bu dert,
Söýgä öwrülmedik bir gysym hyýal.

Haýkyrşymy hiç kim görmez, eşitmez,
Hem köpleň aňynda bolaryn şerçi.
A men bulaň hiç biri däl ýöneje
Seň dünýäňde ýaşap ýören halyma,
Seň dünýäňi yzlap ýören ötegçi.

Halas ediň gursagymy açyň-da,
Sensizligiň jesedi bar içimde.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: sussupessimist | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 4.8/6
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 sussupessimist • 13:16, 20.01.2024
Şu patsançigiňem ullakan zehini bar. Şu terzde gözleglerini dowam etse bolýar.
Beýleki goşgularynam assa-ýuwaşdan paýlaşjak (hamala, gullukdan gelýänçä awtorlyk hukugyna özüm eýe çykan ýaly:))
avatar
1
2 Мango • 13:42, 20.01.2024
A men bulaň hiç biri däl ýöneje
Seň dünýäňde ýaşap ýören halyma,
Seň dünýäňi yzlap ýören ötegçi.

"ýöne" sözüniň "ýöneje" diýlip aýdylyşyna kän duş gelinýä doganlyk diller bilen ýakynlaşalymyz bäri.
türkler diýýä "sadece" (sadeje) diýip. orsça "только" bolýar...
inni.... şo goşgudaky "ýönejäň" ýerine näme diýip bolar türkmençede? bilemok.... ýöne "ýöneje" däldigini bilýän.
avatar
0
3 sussupessimist • 13:46, 20.01.2024
häki bir diýýä öňküler-ä
avatar
0
4 Rowaç • 17:38, 20.01.2024
A men bulaň hiç biri däl ýöneje
- döwülýärem şu setir, häki bir goýsaň weli, ýüzugruna geçip gidýär.
Gündelik durmuşda şeýle türk ysly sözler günde-günaşa burnuňa haplap (d)urýar. Çeper eserlerden bir aýrylsa gowy.
avatar

uCoz