MENU

13:07
Sesim bilen...
SESIM BILEN...

Sesim bilen gujaklaryn dünýäni,
Sesim bilen adamlary öperin,
Sözden, sazdan bolan Beýik Allany,
Sesim bilen taparyn...

Sesim bilen ýykylany galdyryn,
Sesim bilen ýykaryn men daglary,
...Hol gün bir ýykylan agysyn
meniň sesim bilen aglady...

Meň sesime gül bürener bu degre,
Meň sesime ýitip gider köteller.
Iň soňunda meniň kiçijik göwräm,
Sese öwrülip, al-asmana göterler...

23.12.2000ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 10:13, 09.06.2023
şatlananam, gyýylanam Şahyryñ sözi bilen ruhyna ynjalyk, göwnüne karar tapýar..
SÖZ bilen oýun etmeli däl.
avatar
0
2 Мango • 11:39, 09.06.2023
Injil ýada düşdi:
"Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi".

***

söz bilen ses.
söz sözlemäge ses gerek.
laçynda sesem, sözem bar ýaly...

***

Meň sesime ýitip gider köteller.

aýdanyň gelsin.
avatar

uCoz