MENU

15:32
Seýilgähde

SEÝILGÄHDE

Sen kitap okaýaň ýalňyz başyňa,
Gümra bolup özboluşly bir dünýä.
Synladym, birneme täsin bolşuňa
Özgelerden tapawutly görünýäň.

Iller seýil edýär, dynç alýar bagda,
hem saňa garaýar ötüp geçende.
Topar-topar murty taban ýigitleň
Saňa söz gatýanam az däl içinde.

Gabak galdyraňok töwerek-daşa,
Milt edeňok birjik-de söz diýmäge.
Agtaryp kitabyň sahaplaryny,
Girip gidýäň özboluşly dünýäňe.

Bu gowgaly dünýä parhyňa däl seň,
Habar gatanlaryň bereňok häsin.
Hatda hut şu pursat özüň hakynda,
Goşgy ýazylýanyn bilýänem dälsiň.

Bir pursat nazarym eglendi sende
Hem göwnüm elendi, bilmedim neçün.
Görsem baglar şytyrdysyn kesipdir,
Seniň pyşyrdyňy diňlemek üçin.

Hatda beýik baglara-da per bermän,
Gözleň bilen ajap haly dokaýaň.
Bizden uzaklarda — juda alysda,
Sen ýalňyz başyňa kitap okaýaň.

2018

Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: LegLek | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz