MENU

23:10
Şeýle-de
ŞEÝLE-DE...

Ýok, asla süýtsiz mälämok,
Urubam aglamok, düşün-
- Tomus, Ýazym, Güýzüm, Gyşym,
Köki bal tagam buýanym,
Başyma gonan bagt guşum,
Dem ber, em ber, göwünjigim,
Eýiksin, keýik deý böküp,
Seniñ bilen dowam etsin,
Geljegme geljek durmuşym,
Men ýene hyýal gurmuşam,
Beýik daglara dyrmyşyp,
Adyñ tutup gygyrjak däl,
Gygyrsam daglar gyrlyşar...

Ýok, asla ,,oñman" diýemok,
Oñdursa, oñmaly bolar,
Suw ýaly doñmaly bolar,
Ýüregmi bi:ze oraman,
Tabyda zyñmaly bolar,
Ony özümden öñürti,
Topraga gömmeli bolar...

Ýok, ýitiren zadym bolmaz,
Ýöne sen gitme şonda-da...

Ýalbarsamam, müzzerilip,
Gitseñ aglaman, sojaman,
Seniñ ,,mugt" diýýän dünýäñdä,
Öñem kireýne ýaşaýan...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 134 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:22, 10.05.2023
Baýram kaka....
"Ýok, asla süýtsiz mälämok" diýeniňi gelişdirip bilmedim... "mälemedige süýt ýok" diýesimi getirip dur-da şo sözlemiň....
***
Dem ber, em ber, göwünjigim,
Eýiksin
, keýik deý böküp,

ýokarky setirdede "göwünjigimi" çekeläp boljak eken.
ilki okanymda "göwünjigim" diýip gyza diýýämikäň öýdtdüm: "Dem ber, em ber, (meniň) göwünjigim".
soňky setiri okamda "göwünjigim" "eýiksine" degişli eken: "göwünjigim, Eýiksin, keýik deý böküp"...
bolmasa "göwünjigimiň" yzyndaky otury aýyryp, "eýiksinem" kiçi ýazmalymy?
bilemýok-da...

***
Oñdursa, oñmaly bolar,
Suw ýaly doñmaly bolar,

suw doňansoň buz bolýar.
ýöne suw diýeniň asyl öz häsiýeti suwukluk dälmi näme?
onda neden "suw ýaly doňmaly..."

***
Ýok, ýitiren zadym bolmaz,
Ýöne sen gitme şonda-da...

bäh... bu setriler (many) tanyş, ýöne nirede okadym ýada salyp bilemok...

***
jemlemede:

Ýalbarsamam, müzzerilip,
Gitseñ aglaman, sojaman,
Seniñ ,,mugt" diýýän dünýäñdä,
Öñem kireýne ýaşaýan...

soňky "ýaşaýa:n" uzyn aýdylany üçin, "sojama:n"-y hem uzyn aýdyp okaýan.
"gitseň aglaman, sojama:n"... gitseň aglamaryn, sojama:n, ýagny "sojap aglaryn" diýen ýaly many hem çykasy gelip duran ýaly....
ýa-da bu meniň samsyklygym....:-)
hää... "gitseň aglamaryn, sojamaryn" diýseň, onda bolýa...
avatar
1
2 Aygul • 11:37, 10.05.2023
Manysyna důşünip bilmedim. Daljygyp gelen adamyň demi-demine ýetmän gürleýşini ýadyma saldy. "Dur,dur, hany, demiňi dürsäp, důşnůkliräk gürrüň bersene" diýesiň gelýär.
avatar

uCoz