MENU

22:21
Şeýlebir gar ýagdy!..

ŞEÝLEBIR GAR ÝAGDY!..

Akja kebelekleň durkundan döräp,
Tutup asman bilen zemin arasyn,
Şeýlebir gar ýagdy, dessine eräp,
Ezip ýeriň kesmek tutan ýarasyn.

Ak pamyklar Arşy-Asman ahymy?
Gussa siňen aýdymymy garybyň?
Dökülip dur, basyp dünýäň gohuny,
Iň soňkuja çäresi deý Taňrynyň.

Bir pursat ak halat geýindi dünýä,
Aljak bolup bize beren erkini,
Ýöne kümüş merjen bilen döwülýä —
Ýagyş bozýa garyň ähli görküni.

Didelerme çozup gelen merjenim
Kümüş bolup togalansa ýaňakdan,
Ikiuçsyz gurban edip berjegim
Al ganymy dolup duran damakdan...

Şeýlebir ot aldy ataşym, köräp!
Taňryň derdi meň derdime müwessa!
Şeýlebir gar ýagdy, dessine eräp,
Şeýlebir gar ýagdy, batyryp gussa...

© Çary ATAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Çary5306 | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Seýrаn • 08:40, 03.02.2024
Bir günlük Aşgabatdan gaýdypdym. Gar ýagyp ýetişipdir.
avatar
0
2 Seýrаn • 08:41, 03.02.2024
Goşgy uçin 5 ýyzzyla bassym. Ylaýta-da ahyrky bent üçin.
avatar
0
3 Мango • 14:42, 03.02.2024
Iň soňkuja çäresi deý Taňrynyň...
---
Taňryň derdi meň derdime müwessa!...
---
Çary aga, şu Taňryň soňky çäresi bilen Taňryň derdi meni biraz ýadyrgadýa...
ýa gönümel düşünmeli däl diýjekmi?

Taňryň derdi meň derdime müwessa!...
Müwessa: Maslahat, geňeş, karar.
????
avatar
0
4 LegLek • 15:48, 09.02.2024
Goşgynyň başky setiri beýlekilerden üzňe, bitewilik ýok, kapiýanyň gurbany.

Dökülip dur, basyp dünýäň gohuny
Bu suratlandyrma ýagyş üçin ulanylsa, boljak welin, garyň ýagşyna laýyk gelmeýän ýaly. Gar ýaganda, şemal öwsüp, ses edip biler, ýöne gardan ses çykanyny eşitmedik.

Iň soňkuja çäresi deý Taňrynyň
Ýalňyş jümle.
1. Çäre — alaç, tär diýen manyny berýär. Eýsem gar nämäniň çäresi bolmaly?
2. Ýeke söz bilen älem-jahany ýaradan Taňry biçäre däl.

Şeýlebir ot aldy ataşym, köräp!
Ýalňyş jümle.
Ataş bilen ot sinonim. «Ot ot aldy» diýsek, bolmaz ahyr, onda-da «ot köräp, ot aldy». Içimdäki ot has möwjedi diýjek bolansyňyz, ýöne nädogry aňlatma.

Taňryň derdi meň derdime müwessa!
Bu setiriň näsazlygyny Mango-da aňlapdyr.
Soňky bendiň başky iki setiri-de ahyrkylary üçin gurban edilipdir.

Goşgynyň duýgusy täsirli, ýöne şony aňladyş şekiliňizde birneme mesele bar.
avatar
0
5 LegLek • 15:51, 09.02.2024
Çary aga, sizden has gowy eserlere garaşýas!
Belliklerim monjuk gözlemek däl, ýalňyş düşünmäweriň.
avatar

uCoz