MENU

02:32
Şeýleräk

ŞEÝLERÄK

Köçe. Arça. Kölegesiz saýawan
Ädimler bir öňe, bir yza harplar
Bulutlar parlaýar, ýeri saýalap
Gepleşýärin özüm bilen, kitaplar
Hyýalymyň töri, gapy kakylýar
Näme agtarýaryn, açylgy gözlem
Nokat goýulmanka gutardy sözlem
Kagyz, şekerli çaý, zyýanly tüsse
Bökjekleýär howalaryň sowugy
Ýoda, näbelliler, otyr müň esse
Dünýä-de aýlanýar, gelip gidipdir
Gorkular çalypdyr ýüregiň taryn
Ölýänçäm, hatda soň, ýene ýaşaryn
Bir agajyň baldagyny penalap
Salgymlaryň suwy şeýle bir süýji
Duýgular ýumulmaz, bakylmaz nalap
Güýç berer bir ene ýatladyp düýşi.
Çyralar, geçelge, biriniň öýi
Mekdep, güller, ýylgyryşlar, pikirler
Nirede aýlanýar eýýamyň küýi
Ynha meýdan, jeňňel, düzlük we döwür
Çylşyrymly aňsatlaşýan bu ömür.

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 261 | Добавил: Medicall | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Küle • 05:27, 14.03.2024
Laýyk
avatar
0
2 Kyyas • 07:31, 14.03.2024
( hemme kişi şunun ýaly goşgy düzse! Klassiki goşgylaryn gadry artar)
avatar
0
3 Мango • 08:44, 14.03.2024
bu goşgam çylşyrymly aňsat goşgulaň biri.
---
"Köçe. Arça..." - diýende "ç"-lar hezil berdi.
---
"Nokat goýulmanka gutardy sözlem"
bu gutaran sözlemem gowken.
---
"Ölýänçäm, hatda soň, ýene ýaşaryn"
bu degişmäni ýada saldy. "ölýänçäň ýaşa" diýip gutlan bolýalar, doglan günlikçini...

umuman, tabletka atylyp ýazylan goşgy. köfäň iş-ä däl bi.
nähili tabletka, ony bilemok.

ýyzzyl.
avatar
0
4 sussupessimist • 09:01, 14.03.2024
Klassiklerem nowator bolany üçin klassik bolandyr, Kyyas han!
avatar

uCoz