MENU

21:49
Söhbet ýagşydyr
SÖHBET ÝAGŞYDYR

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.
Atarman-çaparman algyr ýigide,
Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr.

Hemra bolup oturmagyl pis bile,
Poha degseň, beýniň dolar ys bile,
Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr.

Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,
Köňlüň haýra bagla, sydkyň – imana,
Hiç azar bermegil bir musulmana,
Ogry ärden, bir dogry it ýagşydyr.

Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse – ölmese,
Elden gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.

Magtymguly, niçik geçse rozygär,
Haka şükr et, barma namarda zynhar,
Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,
Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr.

© Magtymguly PYRAGY
Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Medicall | Теги: Magtymguly PYRAGY | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 11:34, 17.07.2024
Atam şu aşakdaky sözi diýäýdimikä?

Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse – ölmese,

göz öňüne getireli, bu dünýä gelen hiç ölenok, ölenok, ölenok.... ýaşap-ýaşap, lüti çykyp özüni oňarman, hossaryna iş bolup, dert çekip "ýaşasa-da" ölenok.... aý, ýok...  Magtymguly dünýä inmegiň, ýaşamagyň, ölmegiň, direlmegiň nämedigini bilýändir-le.... "dünýä gelemsoň, bu ýerden hiç gitmäýin, ölmäýin..." diýjek ynsan dälmikä diýýän... kim bilýä ýa gaty ýaşasy gelende diýäýdimikä?

----
Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,
Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr.


gapma-gaşylyk barmy, ýa göwnümemi?
"bir hünäriň bolsa döwletsizlikden gowudyr"
diýýä, yz ýanyndanam tersini aýdýar: 
"müň hünärli bolanyňdan, azajyk-zerre döwletlilik gowydyr "

goý, meni Atam bagyşlasyn.
avatar

uCoz