MENU

12:44
Soňky söz

SOŇKY SÖZ

Boýun bol, geldik biz yolun soňuna,
diýme “Janymyzy gaýta barlaly”.
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soňra,
Kä göwnüň joşanda gaýtalar ýaly...

Ynsan islese-de, islemese-de ,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyň.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen “Kalbym senden närzadyr”

Sen joraňa ynan,
“Entek öňüňden
has gowsy çykar” diýp, göwnüň göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iň gowy günleň
Geçip gidenine akyl ýetirse...)

Ýazgyt menzeş daşa, ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oňa ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyňda bar ýaly ýaşa,
Ýa... ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!...

© Mätgurban MÄTGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Katalizator | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Katalizator • 12:45, 29.12.2023
Surat: "500 дней лето" filminden.
avatar

uCoz