MENU

06:21
Sönmezek umyt

Hemmeleň kalbynda üýtgeşik duýgy...
Asmanam gysylman, nuruny dökýär.
Men bolsa, kül bolan umytlam bilen,
Bilseň, ýene seniň ýoluňa bakýan.

Öňler umytlarym kül däl, alawdy,
Menem garaşýardym “täze ýyl” güne.
“Akjam” diýip söýýän ýaňaklaň indi
Aglamakdan ýaňa boldy gülgüne.

Näm üçindir, öz sözümde duramok,
Her “täze ýyl” geçýär ýoluňa baka.
“Gelmez!” diýip, aklym alsa-da erki,
Ýürekden ynanyp garaşýan, kaka.

Sebäp, soňky ýoluň görmändim ahyr,
Bilmändim ömürlik gidenňi “baka“.
Kalpdaky sönmezek umydym bilen
Ýene geleriňe garaşýan, kaka!

© Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 137 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Pero • 15:45, 28.02.2024
Ömrûñ ahyryna çenli saplanmajak derdiñdir bi. Daglañ-daşlañ çeke bilmedik,täk ynsanlaryñ hötdesinden geljek derdi. Alla kuwwat bersin! Ýazybermeli,goşgy ýazmak içiñi dökmegiñ gowy usullaryndan biri.
avatar
1
2 Küle • 15:48, 28.02.2024
Ýara täze wagty ýazylana meňzeýä. Azyrak wagtdan özünem görersiň goşgyň gowşaklygyny.
We has güýçlisini ýazasyn geler.
avatar

uCoz