MENU

11:20
Sönüş
Sönüş

Bakyşyň özgerdi,
Özgerdi bolşuñ.
Sözleriñ öñki däl
Dag deý goraýşyñ
Öñkiler deý söýgä
Del däl garaýşyñ.
Öwrenşipsiñ mydam
Ýanyñdalygma.
(Täzelik ýok
Bellär deý gündeligme).
Bilmen,näme üçin
Hiç zat ýok ýerden
Mahal-mahal söýgimize
gar ýagýar.
Ýa şeýdip bir-birek
Gadryna ýetýäs,
Ýa-da şeýdip kem-kem
Söýgini itýäs.
Göreñokmy,duýañokmy
Duý ahyr!
Biz ölüp barýarys
Üşedip,harlap
Gyşda,garda dörän
Söýgi ahyrlap
Soñsuzlyk içinde
Ýitip gitmänkä
Ilki günlerki deý
Seredäýmeseñ
Içimde bir uçgun
Döredäýmeseñ,
Söýgimiz jan berer
Öz elimizde.
Wagta ýesir düşmäli biz
Ýalbarýan.
Saña bil baglaýar
Melanholigiñ.
Umydymy tala dañma
Ýanberme!
Senden jenaplyga
Garaşýanyñ men.
Janly söýgi üçin
Sönmezlik üçin
Ysgynsyz bolsa-da
Göreşýäniñ men.
Göýberme!
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 6
avatar
1
1 Medicall • 13:53, 06.12.2022
Bir kursdaşym "Öçme yşygym!" diýip kitap beripdi. Roman. Gazak ýazyjysynyñkydy. Türkmençä terjime edilendi. Gaty gowy görűp okapdym. Soñ "dereksiz ýitdi" ol kitabym.. Şonda gahryman zenan ojagynyñ yşygyny öçürmezlik üçin uly gaýrat, edermenlik görkezýärdi. Diýseñ dartgynly ýazylan eserdi. Gahrymanlañ ady doly ýadyma düşenok.. Şol kitaby ýatlatdy bu goşgy..
Sönme, aýal dogan! Sönme, söndürme! Sönüş ýok! Galamyñ ýiti, gursagyñ ylhamly bolsun!
avatar
0
2 Pero • 14:36, 06.12.2022
O diýen kitabyñy tapyp okap bolaýsa
avatar
0
3 Aygul • 16:10, 06.12.2022
Daşary ýurt aýdymynda asylly tans edýän türkmen gyzy göz öňüme gelip gitdi...
Formasyz ýazmak- tertipsiz ýazmak, agzyňa gelenini çyrşamak diýip düşünýänlere nusga görkezmeli goşgy eken.
avatar
0
4 Мango • 12:14, 07.12.2022
Içimde bir uçgun 
Döredäýmeseñ, 
Söýgimiz jan berer 
Öz elimizde. 

eliňden zat gelmän öz eljagazyňda, gujagyňda söýgiň jan berişi - güýçliden, aýylganç görnüş.
Berekella.

—-
Saña bil baglaýar 
Melanholigiñ. 
Umydymy tala dañma 
Özgerme! 
Senden jenaplyga 
Garaşýanyñ men. 

Özgermek. Ýalňyş ýok. Özgermek - boluşyňdan başga boluşa geçmek, üýtgemek… manylary bolsa-da, položitellik duýgusyny oýarýar.
özgerýän ýurt - diýilende erbetlige-de tarap özgerýän bolupbilmegem mümkinem bolsa, standart pikirlenmede gowulyga tarap üýtgemäni ýada salýar.
goşguda hem “özgerme!” - diýilende gowulyga özgeriş kellä gelýär.
Meňli hanym, ylalaşýaňmy?
zehiniňize ýene bir berekella.
avatar
0
5 Pero • 14:29, 07.12.2022
Dogry Mango ylalaşýan. A negatiw manyda haýsy söz bolmaly siziñçe? Gepleşikde köplenç "Üýtgeme" diýilýär. Emma bu ýerde üýtgemäniñ äheñi gelişmeýän ýaly
avatar
0
6 Мango • 14:42, 07.12.2022
Bilmedim. Ýöne şu näder:

Saña bil baglaýar  
Melanholigiñ.  
Umydymy tala dañma  
Agyp-dönme!
Senden jenaplyga  
Garaşýanyñ men. 

bu bir pikir….
agyp-dönmegem üýtgemek, özem iki tarapada agyp-dönmek ýagdaýy.
(kuranda-da kalplaryň agyp-dönmegini agzalyp, “kalbymy stabilnyý (sabit) tut - diýen ýaly doga-aýatlar bar öýdýän)
ýöne, bu sözlemiň içinde “akyllyja bol, erbetlige üýtgeme” manysynda eşdilýär.
pikirimçe “…agyp-dönme! Senden jenaplyga garaşýanyň men” bolupbiljek ýaly.
il-gün nä pikirde, olaram diňläp görmeli.
avatar

uCoz