MENU

00:08
Pelsepä wagt ýok...

"PELSEPÄ WAGT ÝOK..."

Horazlar gygyrýar
Menem seslenýän:
-Turdum-la turdum!
Wiý,sagadymdyr-ow
Ine,öçürdim.
Her günüñ gapysy
Şeýdip açylýar
Kä göwnüñ
Açylýar.
Käte-de aýbyñ
Derdemsek aýbyñ.
Düşnüksiz zatlaryñ
Derdin çekenim
Ýetmeýän deý
itburunyñ tikenem
Çümýär-ä şo wagt.
Gyssanmasam bolonok
Endap ýygmaly häli
Pelsepä wagt ýok
Iş-güýç garaşýar.
Terjime etmeli guşlañ dilinem
Towuklañ lälesin belläp almaly.
Baglañ pyşyrdysyn
ýetişsem diñläp
Adamça öwürip görmeli onsoñ.
Şeýle uýam,şeýle wagt ýok asla
Kitap okamaga,bir zat ýazmaga.
Janly kitaplary okajak bolýan.
Bor onda. Boşaşsañ eger
Nar ýygmaga gelewer.
Häzirlikçe hoş

© Meñli AŞYROWA

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 00:17, 19.02.2024
Endap ýygmaly häli?
avatar
0
2 sussupessimist • 00:25, 19.02.2024
zyyany yok. O yerde-de aydyp galdym
avatar
0
3 Nurdаn • 00:39, 19.02.2024
Wiii ol teswiri pozaydym, ýazanyñyzy görmandirin, ya siz pozanymy, indi täzeden ýazayyn,:)

1-nji teswiriñ yzyndan şeyle teswir bardy:

@ sussupesimist, Şu iki postyñ wagtyny üytgetmeli boldum, bagyşlarsyñyz, ol goşgy ýokarda
avatar

uCoz