MENU

14:26
«Sowukganly bu şäher...»
Exculisive


***

Sowukganly bu şäher
Ýitiginiň öwezini
Başga-başga keşplerde
Görýär misli
Aşyk bolup gördümikä
Iň soňky ýüregi bilen
Iň beýik şahyry bilen

Tüssäň yzy siňen köçelerinde
Gussaň ysy siňen setirlerinde
Sowukganlydy şäher

Ünjüsinden bez bolmady bu şäher
Gazalyp-gazalyp dyzeperleri
Agyrsa-da gaş çytmandy ol sähel
Gidene hoş, gelene hoşdy
Gany sowukdy

Unudýardy eden haýyrlaryny
Ýamanlyk diýip kabul etmändi asla.
Başyna gelen howany
Ýaşaýar klassiki şahyrlar deýin
Bu şäheriň çeken sabryndan ýaňa
Deňizler gurady, daglar haýykdy
Seretmäň siz onuň derýalygyna
Onuň gany sowukdy

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 200 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.1/8
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Mekan2 • 15:40, 04.04.2024
Görýär misli

şeýle gowy gelişdirdim.

Görýär meger
avatar
0
2 Medicall • 15:40, 04.04.2024
Brawo! 5 ýyldyz!
avatar
0
3 Küle • 16:39, 04.04.2024
Täsir etdi. Gowwördürdi. Suratam goşga gelişipbaty.
avatar
0
4 Medicall • 21:25, 04.04.2024
"Tüssäñ yzy siñen köçelerinde
Gussañ ysy siñen köçelerinde " diýişine görä "şäheriñ häkimi" "gam çekme, çilim çek" diýip, gussa çekibem çilimi köp çekdimika (ýa çekýänmika?)
Ýa gussañ tüssesimika ol tüsse?!

Seýran däde, şo şäherde biri bir zat diýjek bolsa meñ adymy beräýgin))))))
avatar
0
5 Mekan • 22:26, 04.04.2024
Tüssäñ yzymyş, yzy. Gussañam ysy.
avatar

uCoz