MENU

11:19
Sowuklyk

SOWUKLYK

Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp “ynsan” diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men.
Tapmak üçin asmanda bir çäresin,
Zemin içre derman gözlän derdimiň.

Gözlerimde ahmyr bolan ýaşlaram
Owasynda ýöne ýere doňmady.
Gussasy kän sowuklykdy, sowukdy
Maňa dünýäň bar eçilen sowgady.

…Nirä baksam, mähir küýsän dideler –
Arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi ýadatdy bu sowuklyk,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.

2016 ý.

© Allanur ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Katalizator | Теги: Allanur Çaryýew | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 12:22, 25.12.2023
"Ýetilmedik menzillemde arman bar,
Uçup bilsem, düşlemezdim ýerde men."
avatar
0
2 Мango • 16:26, 25.12.2023
Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.

"daşa-da" diýilse o başyň öňem başga bir zatlara degenligini aňladýar...

---

Öňýeteni ýakyn saýdym, ynandym,
Şeýdip başym kän degipdi daşa-da.
Ýöne ýene rowa görmän özüme,
Men ömrümi özge üçin ýaşadym.

özge üçin ýaşaýan biri başgalaryna "öňýeten" diýse gelşiksiz eşdilip, özge üçin ýaşaýanlygyna şübhe döredýär. öňýeten - biraz kemsidiji söz.

---
soňky setirler-ä gowja eken.
awtora üstünlikler.
avatar
0
3 Katalizator • 09:52, 26.12.2023
Salam. Gowmysyňyz?
Ilki bilen-ä awtorlyk üçin minnetdar!
Ondan-mundan çöpläp ýygnanjalarymy käte köpräkden paýlaşsam dagy zeleli ýokdura?
avatar
0
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 10:04, 26.12.2023
"Kän degipdi daşa-da" diýenini ýörite "gulagyndan tutup" çekmeseň, başyň köp zatlara degendigi manysyna hökman gelip diremeýär.

Ol ýöne "daşa degen wagtlary-da kän bolupdy" diýen manyda gelýär.
avatar

uCoz