MENU

15:19
Söýmeseň, hezil-dä... Duşuşykdan bölek

SÖÝMESEŇ, HEZIL-DÄ...
DUŞUŞYKDAN BÖLEK


...Şu gün pyşdyl gördüm.
Ine, şondan bärem ýüregim gysýar.
Bu ýigidem bizar etdi,
Berip şol bir soragy:
-Sen meni söýýäňmi?
Meni söýýäňmi?


...Bir günläb-ä ýöreýändir,
Meniň iki ädimimi.
Ine, ýene onuň sesi:
-Seň göwnüňe degdimmi?
Sen nämüçin gürläňok?!


...Çanagyndan çykagetdin,
Gidip gelse, basym-basym,
Gitjek-goýjak ýerlerine arkaýyn,
Bolmaýarmyka?!
"Ýaşap bilmen sensiz" diýip,
Dogrudanam, bu oglana
Mensiz jahan, waý, şoň ýaly darmyka?

Pyşdyl jaýy bilen aýlanyp ýörmän,
Oturymly bolsa,
Ýa ynjalmaýarmyka?
Ýa dynç almaýarmyka,
Öz jaýyndan başga ýerde?!
Waý, meniň ýaly gyza
Entek gabat gelmez ýaly,
Bu oglan öýünden çykmaýarmyka?

Ýokmyka, oň dogduk öýnüň dogduk mekany,
Ýogsa-da, ol jaýy bilen dogdymyka doganda?
Waý, nädip dogduka?
Ýok, ol doglanynda jaýsyz doglandyr.
Birden oň çanaklary
Jaýy däl-de,
Onuň özi bolaýsa, nä?!
Hih, men gyssagly ýaňy dogan bäbek pyşdyl görmeli.

-Gara gaşlym, gara gözi sürmelim,
Elleň bilen öldür meni,
Dilleň bilen öldür meni,
Özüň-özüň öldür meni!

...Waý-eý, men nä Ezraýylmy?
Hih, men indi Ezraýyla meňzeýänmikäm?!
Maňa öldürtmän,
Ölesiň gelse,
Özüň öläýmeli dälmikä, gyz?

-Seni söýýän, seni söýýän eşidýäňmi?
...Erkek pyşdyl şeýle ýöreýän bolsa,
Onda nähilikä ýöreýişi
Aýagy agyr pyşdylyň...
...Seni söýýän, seni söýýän eşidýäňmi?

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
27.08.2009 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 156 | Добавил: Мango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 15:55, 04.12.2023
oglanyň göwni gyzda, gyzyň küýi pyşdylda... :-)
avatar
0
2 tmpoet • 23:07, 04.12.2023
Söýmeseň, hezil-dä. Ýigidem pyşdyl ýaly içgysgynç eken.
avatar
0
3 sussupessimist • 01:03, 05.12.2023
"Mensiz jahan, waý, şoň ýaly darmyka?"
"Waý, meniň ýaly gyza
Entek gabat gelmez ýaly,
Bu oglan öýünden çykmaýarmyka?"...

Aslynda pyşdyl has erjel. Onuň yzyndan Ahillesem yetip bilenok, henizem...
Yokarky setirlerde oglana öyünden çykmayarmyka diyende, pyşdyl bilen yigdiň öz darajyk dünyälerinde garyşyp gitmegi uytgeşik. Ya oglanyň şol "öyi/çanagy/dünyäsi" - özümikä? Şeyle darmy?

Gyzy yrjak bolsaň, originalrak çemeleşmeli diyya gerek şu goşgusynda Laçyn? "Ölyän-köyyän-söyyàn" strategiyasy işlänok.
avatar

uCoz