MENU

14:57
Söz

SÖZ...

Ruhum tükge düşüp ýatyr,
Göwreden ýüzün öwürip.
Gitmiş ondan harp-u-haty,
Öwreden ýüzün öwürip.

Ol söz tapanok, söz, söz...
Harman gepleň arasyndan.
Ýaşady ýördi şol sözsüz,
Geçen ömrüň ýarysynda.

Burç dişlän deý hyrç dişledi.
Ajy ýuwdundy ol, ajy...
Çözmesi kyn işlerniň
Ýeke sözkä bar alajy.

Wagyr-wugur daş-töwerek,
Sözler ýaşaman ölýärler...
Wah, söz ýaşamaga gerek!
Sözler ýaşadyp bilýärler!

Söz başlasyn, söz soňlasyn,
Bir söz diý-de, ýak yşygy!
Aýdylmadyk söz bolmasyn,
Adamzadyň ýalňyşlygy.

Bir diňlän, soň hiç tapmaýan,
Söz, şeýle gyt aýdymmyň ýa?!.
Menem birje söz saklaýar,
Haýp, olam aýdylmaýar...

© Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 134 | Добавил: Aygul | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Балканов • 14:58, 22.04.2023
"Söz" barada. Gowy goşgy manysy we duýulyşy (şahyryň öz içki dünýäsini beýan ediş usuly) boýunça gowy goşgylaryň hataryna girýär. Tüweleme, diliňe güller bitsin! Şu şahyryň gelejegi ýagty, ol uly, meşhur şahyr bolup ýetişer, inşallah.
avatar
0
2 lirika • 20:07, 26.04.2023
1) ,, Ol söz tapanok söz, söz..."

2) ,, Ýok-ýok gadyrdanym
Ýok, ýok..."

3) ,, Ol ýürek ahyry
Ol-ýürek!
Ýürek!.."

Dogry, her kimiñ öz ýazysy bar. Ýöne bir setirde so bir sözleri gaýtalap aýtmak gerekmi? Birhili gulagy kereñräk adama aýdylan ýaly duýulýar...
avatar

uCoz