MENU

09:41
Şu günlerde

ŞU GÜNLERDE...

Şu günlerde göreş gidýär süňňümde,
Sebäpkärem şol ýanbermez dümew-le.
Seniň menden uzakdalygyň üçin
Ol hasam möwjeýär kakyp heşelle.

Şeýle pursatlarda kökenek gerip,
Alada ederdiň kesir gyzyňy.
Burçluja unaşy taýynlap berip,
Üstesine çekerdiňem näzimi.

Eje,özüm eje bolalym bäri,
Ilkinji gez şeýle ejizledim men.
Daşymda hozanak bolup ýörşüňi,
Ýatlap öz ýanymdan ezizledim men.

Eje, undup şu günümiň gussasyn,
Oýanasym geldi kiçiligimde.
Ümdüzime gidibermek isledim,
Gamsyz çagalygyň köçelerinde.

Düweme ýolugyp,küýsedim eje!
Mähir goşup berişiňi melheme.
Sensiz göýä agyr hassa öwrüldim,
Juda suwsapdyryn ýyly mähriňe.

Şu gün säher öýde ýaly oýandym,
Garaşdym,başyma eliň goýarňa.
-Oýan gyzym,gaýdyşypdyr gyzgynyň,
Indi,gorky yzda galdy” diýerňe.

Birdenem bu haldan aýňalypdyryn,
Indi özüm eje, keşk bar egnimde.
Ýöne eje,şindilerem küýseýän,
Başymdan sypalap oýarşyň günde.

2018ý

© Meñli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 113 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 16:24, 27.12.2023
ejesiniň gyzyndan gowy goşgy okadyk.
ejeler elmydam küýselýär.
***
çagakak ýaraman ýatamda, ýadyma düşýä, diňe ejemiň sesini eşitsemem gowlaşan ýaly bolýadym...
avatar
0
2 Ak-sary • 16:34, 27.12.2023
Ümdüzime gidibermek isledim,
Gamsyz çagalygyň köçelerinde.

Şu setirleri ozalam başga bir goşgyñyzda ulandyñyz diýsem?
avatar
1
3 Pero • 16:40, 27.12.2023
Dogry,Aksary,ulandym. Yene ulanmagym mümkin. Sebäbi,Ayazbaba şu günler geläge-de: "Hany aýt bir arzuwyñy,hasyl edeýin" diýäýse, "Ümdüzime gidibermek isleýän,gamsyz çagalygyñ köçelerinde "diýermikäm öýdýän. Umuman,şo jümlänem,ṣoñ duýgusynam gaty gowy görýän.
avatar
0
4 Ak-sary • 16:44, 27.12.2023
Şeýdiñ.haýsydyr birzat bilen özüñiz bagtyýar duyyan bolsañyz garşylygymyz ýokdur.ömrüñ bolsun!
avatar

uCoz