MENU

02:20
Şugün köçämize ýüñ alýan geldi...
Şugün köçämize ýüñ alýan geldi,
Her öýüñ deñinde bagyrdy çirkin,
,,Düt-bap" signal berdi ,,ýüñ alýan" diýdi,
Bolanja harydyn çykardy herkim.

Söwdalaşdy, razy etdi geleni,
Alyş-berşe bir hile hem goşmady,
Bu ynsaply ynsanýeti görmegim,
Meniñ näsag göwünimi hoşlady.

Ylgap bardym, ,,daýy salowmaleýkum!,
Ýüñüm-ä ýok, kemim artyk beýnimde,
Ýalñyşlamdan başga satlyk zadym ýok,
Ezýet berýän köp dertlerem egnimde.

Eger-de siz maña rugsat berseñiz,
Pursat berseñiz,
Belki-de meñ size kömegim deger,
Menem siziñki deý söwdalaşmakçy,
Uly bir zyýanym degmese eger."

Köçeleri gezdik, birýan başyndan,
Herkim bir-birege juda mähirli,
,,Mähir alýan!" Diýip gygyrmakçydym,
Ýöne teý tapmadym gözlän mähirmi...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz