MENU

01:06
Suratkeş gyza

SURATKEŞ GYZA

Eger meni çekjek bolsaň,
Ýüregmi lowlap duran et.
Jübimde bir it çekip ber,
Özünem uwlap duran et.
Saçam-a gerekdir weli,
Kellämde pikirler bolsun.
Elimde — ýönekeý galam.
Dilimde şükürler bolsun!
Geçen ýolum bilner ýaly,
Köwşümi çekewer köne.
Eşigmi çekeňde weli,
Gaty ünsli bolgun ýöne.
Ýaňakdan syrygyp,
köp däl,
Iki damja ýere aksyn.
Gözlerimde umman bolsun,
Özem olar saňa baksyn.
Durubersin çapyklarym,
Bolubersin ýygyrt, gasyn.
Sünnälemek hökmanam däl,
Çekseň bolýar maňa basym.
Artykmaç hiç zat bolmasyn,
Baram bolsa, ýok edewer.
Bir haýyşym, suratkeş gyz,
Alnymy bir ak edewer.

© Mukam MUHAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 460 | Добавил: Awtor | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 03:06, 10.12.2023
Gyzykly haýyşnama eken, iñ gyzykly ýeri - surat edil aýdylşy ýaly çekildimika?!

Alnyñyzam, ýollarñyzam ap-akja, ýap-ýagty bolsun!
avatar
0
2 Мango • 22:52, 10.12.2023
gowy goşgy.
jübüdäki item kän eglenmesin. gitsin.
ak maňlaý birine duşsak - bu Mukam bolmaly diýägoýmaly-da onda.
avatar
0
3 Medicall • 20:03, 14.01.2024
Suratçy gyz barada gidýan kinofilmiñ başynda şu goşgyny okapdyrlar.
Filmiñ ady: "Ýaman ykbal"
Erbet kino däl, ýöne ýüregimi agyrtdy...
avatar

uCoz