MENU

23:42
Suw perim

SUW PERIM

Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Şolam seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam,
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?!
Suw astynda syrly ýatan suw perim.

Umydyma umyt goşsun Umydym,
Bu maşgala, bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşgyda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin,
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Gerceknazar96 | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мukam • 20:51, 04.03.2024
Gerçeknazar tüweleme öñki goşuklaryndan tapawutly, tijeniber!
avatar
0
2 Gerceknazar96 • 21:47, 04.03.2024
Köp sag bol Mukam. Şular ýaly öwgüli sözler hasam tijendirýär. Tankytlarňyzam ýetirip duruň.
avatar

uCoz