MENU

17:36
SÜÝT DIÝŞINIŇ YZASY
Süýt diýşiniň yzasy
Bu niçik
söýgüdir,düşdü başyňa,
Allahdan gorkmadymy,janym oglum?
Bakmady çaga ýaşyňa
Agzyňdaky süýt dişiňe bakmady,janym oglum,
Bu niçik söýgüdir düşdü,başyna?!

Bu garry dünýäde,juwan ýaşyňda
Dişlediň her nany şu süýt dişiňde
Datdyň dünýäniň köp ajysyny,
Ötdiň keselinden, gyzamygyndan
Söýgüsine tutuldyň bu dünýäniň.

Zalym söýgi,görsene,seni neýledi,
Beýle zalym ölim ýokdyr dert ýokdyr.

Bu söýgüdir,janym oglum,
Ömürlerden uzyn söýgi:
Bir elinde
sallançaklary üwrän,
Bir elinde
Gabyrlary gazan söýgi.

Bu söýgüdir,janym oglum.
Müň ýyldyr ki aman söýgi:
Gözlerinden ýaş akdyran,
Elinden gan daman söýgi.

...O,sen kimsiň ,janym oglum:
Bu çyparja ýüziň tanyş,
Ýama düşen dyzyň tanyş.
Çytylanda-gaşyň tanyş.
Aglanyňda-göziň tanyş
Oglanlaryň,çagalaryň
Iň ejizi,ezileni
Hemmelerden ýuwaş gezip.
Hemmeden köp ýykylany.

Ähtimal,sessiz gezgin diýip
Söýgi seni saýlady,
Ýollaryňy dört tarapdan baglady.
Indişeýle,
Bu söýgüdir suwlaryň hem iýjegiň hem.
Sümbül kibi ýüregiňde
Bu söýgü mäkäm ornady.

Gysga ömrümizde
Bu dünýä baka-baka.
Oglum müň ýyllardan bäri
Ýaşaýarys hut şeýle.

Müň ýyllardyr
Ýüregimiz damar-damar
Söýgä baglydyr ýeriň ýüzünde.
Tozundan ýyldyzyna çenli,
Oglundan,gyzyna çenli.
Bary hasaplydyr ýeriň ýüzünde.

Bu dünýäniň söýgüsi hem
Ölçegli,hasaplap çykylan,oglum
Barçamyza bölünip
Boýumuza biçilen oglum.
Категория: Dessanlar | Просмотров: 100 | Добавил: Sehirgar | Теги: Ramiz Röwşen | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Sehirgar • 17:38, 28.06.2024
Dessandan bölek
avatar
0
2 sussupessimist • 21:19, 28.06.2024
Folklor uçin öte gowşak.
Hazirkizaman "dessanlardan" bolaymasa
avatar
0
3 Seýrаn • 23:43, 28.06.2024
Şol söýgi meselesini aşa köp agzapdyr. Ol hiç welin, täzelik ýok. Kellä gelmejek we ozal gelmedik setirler ýetmezçilik edýär. Gaýratlanmak gerek azajyk.
avatar
0
4 aygull • 18:51, 29.06.2024
)))
avatar

uCoz