MENU

20:16
Synanşyk

SYNANŞYK

«Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,
Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.
Käbirinden puç dolandy umydym,
Käbiri ýanymda ýekesiretdi.

Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki,
Özleri dünýämden daşardadylar.
Olar bagtym bolup bilerdi, belki,
Emma söýgim bolup başarmadylar.

Meger, men sebäpli ökünip näler,
Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr.
Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem,
Meniň seni gözlän synanşygymdyr.

Mätgurban MÄTGURBANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Aksary | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Aksary • 15:46, 19.04.2023
Başarmadym surat goyup
avatar

uCoz