MENU

00:45
Tabynlyk
TABYNLYK

Ýaňlanmasaň ýüreklerde,
misli «Ybraýymşadilli»,
il tutmaz adyňy, eýýäm,
ömür otuz üç gädildi.

Hiç kimi gökden agtarmaz,
il — öz kalbyndan tapmasa.
Söýgä mynasypdyr diňe,
kim berlen ömri haklasa.

Günki, ol belent duýgudyr,
rowa däldir ejizlere.
öz-özüňi inkär edip,
E j i z l e m e!

Söýgüni götermez sallar,
hem ony garyşlamarsyň.
Tamasy ödelmän galsa,
n e s i l l e r —
b a g y ş l a m a s y n!

1997-nji ýyl

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz