MENU

00:19
Täsir etmez ýürege
Aýaz buşlap geldi bize gyş pasly
Sowuk şemal kürsäp girdi ýürege
Şondada ýüreklerde dur ýaz pasly
Sowuk şemal täsir etmez ýürege

Talyp joşup waspyn eder gyşynyň
Geçenini ýada salyp ýazynyň
Küýsäp durka gülleriň gül jemalyn
Sowuk aýaz täsir etmez ýürege

Kime gyş gerek kimlere bolsa ýaz
Şonuň üçin hem çalynýandyr saz
Kimler gyşa kimler bolsa ýaza zar
Sowuk aýaz täsir etmez ýürege

Gyş paslyny söýýänlerem az däl
Adamlaryň mudam ýüregi ýaz däl
Bulut ýaly göriplerimiz kän däl
Sowuk garlar täsir etmez ýürege

Gar ýagýar daş töweregi agardyp
Aklyk bilen ýürekleri eredip
Ilkinji gar ýüreklerde ýer edip
Sowuk günler täsir etmez ýürege

Akmyrat Muhammetberdiýew
Прикрепления: Картинка 1
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: TmBürgüt | Теги: Akmyrat Muhammetberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 15:56, 22.01.2024
ýok bolsun kapiýa diýiberesiňi getirdä...
avatar

uCoz