MENU

23:26
Taýyn men indi
TAÝYN MEN INDI...

Taýyn indi men, garaşmaga-da,
Ýaraşmaga-da, öýkeleñ saçyny daraşmaga-da,
Söweşmäge-de, göreşmäge-de,
Taýyn men indi...

Öñler salgymlaryñ yzyndan ylgan,
Duýgylarym,
Akyllandy, terlendi,
Şu çaka çen, setir döreden bolsam,
Sözlerinde gussa bardyr her bendiñ,
Indi ähli zada taýynlygy öwrendim,...

Jeññelige döndi ömrüm, täleýim,
Gaýta gowam, syrly bolsañ syr bermän,
Gep galdymy gürlenmän?,
Galan bolsa taýyn men indi.

Yşkyn odun ýakjak bolsa eger-de,
Päk gelsin-de ojagymda ýakyşsyn....

Hasyl boljak arzuwymam galmady,
Ählijesi wysal boldy asmanda,
Sebäpmi men, ýa-da saña bahana,
Eken umytlarym gögererdimi?
Yhlas edip bagrym bilen basmamda,

Edaly, sedasyz sada ýüregmi,
Özgelerden gorap gezdim, gaýym men,
Gursagymdan çykarmasañ kaýyldym,
Taýyn men indi...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 20:22, 18.05.2023
garaşmana, ýaraşmana, daraşmana, söweşmäne, göreşmäne...
şular ýaly sözlemde "MANA-MÄNE" diýmelimi ýa-da "MAGA-MÄGE" diýmeli?
dilçiler bar bolsa aýdagoýyň-da.
garaşmana - garaşmaga,
ýaraşmana - ýaraşmaga,
daraşmana - daraşmaga,
söweşmäne - söweşmäge,
göreşmäne - göreşmäge...
avatar

uCoz