MENU

09:00
Täze ýyl arzuwlary
TÄZE ÝYL ARZUWLARY

Garşylanýan Täze ýyl,
Bagt bolup ätlesin!
Egsilmesin bereket,
Bol rysgaly gätmesin!
Ýer ýüzüne rahatlyk,
Asudalyk getirsin!
Janlara jepa berjek,
Dertleñ adyn ýitirsin!
Uly umyt, ýagşy päl
Garaşylýar gowluga.
Mätäç bolmasyn hiç kim,
Esasy jan saglyga.
Artsyn ōýleriñ sany,
Artsyn toýlaryñ sany,
Her ōýüñ, her maşgalañ,
Kōpelsin başy - maly.
Geçen ajap ýyllara,
Dowam boljak ýyl bolsun!
Bagtyýar aý - günlere,
Rowan boljak ýyl bolsun!
Her ýürekde arzuw bar,
Amal bolsyn arzuwlar.

© Rozygül ÝAZHANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Medicall | Теги: Rozygül Ýazhanowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 09:43, 31.12.2022
Suraty hem awtoryñ ugradyşy ýaly goýuldy.

Bizem Rozygül gelnejäni garşylanjak Täze ýyly bilen gutlaýarys, döredijilikli, saglykly ýyl bolsun!
avatar

uCoz