MENU

12:37
Täze ýylyň iň ilkinji goşgusy
TÄZE ÝYLYŇ IŇ ILKINJI GOŞGUSY

Sen bilýäňmi näme, bu gün – täze gün,
Täze ýylyň iň ilkinji säheri.
Men täze gündelik tutundym indi,
Men täze kalendar asyndym häli.

Diňle, men öňünden bellikläp goýdum.
Täze kalendarda «Möhümler» diýip,
Bir-ä biziň iň ilkinji duşuşan,
Birem seniň doglan günüň aýratyn.

Sen bilýäňmi näme, ilki ýazanym,
Täze gündeligme şu söz boldy: «Giç...»
A soň derrew pozup aýyrdym, çünki,
«Biziň çekýän hesretimiz gülkünç»
Şeý diýip ýazdym.

2002ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz