MENU

14:08
Täzelik
TÄZELIK

Merjen gyzam aşyk boldy.
Indi olam aglaýa.
Özbaşyna gürläp ýörýä.
Özbaşyna ýylgyrýa.

Kebelekler gaýmalaşýar.
Gaýmalaşýar ýaprajyklar.
Merjen gyz hem gaýmalaýar,
Gaýmalaşýan guşlar bilen.

Düýşler görýär üýşendirýän,
Goşguly kitap okaýar.
Özi agzynda saz çalyp,
Tans edýär aýnaň öňünde.

Aýdym aýdýar ýumrujagny,
Mikrofonjyk edinipjik.
Toýdan galýar sähel zady
Edip özüne bahana.
Ýogsa oň täze köýnegi
Ýanyndaky joralarnyň
Barynyňkydan gowudy.

24.12.2009 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 15:58, 13.12.2022
Aýdym aýdýar ýumrujagny,
Mikrofonjyk edinipjik.

şu ýeri aşyk bolan Merjen gyz däl-de sadige gatnaýan Merjenjik ýaly duýulýar.
bar günä-de "ýumrujak, mirafonjyk, -jyk, -jik"-larda.
avatar
0
2 Medicall • 01:11, 14.12.2022
Merjeniñ aşyk bolşy ýeserje eken, gaty şadyýanja, bolmasa aşyk bolsa käýarym gabanypmy, alada edipmi garaz biraz gaýgylanmalam, ýa sülmüremelem bolyandan bolardy başga gyzlar dagy
avatar

uCoz