MENU

11:53
Tbilisi

TBILISI

I
Saňa meň göwnüm gitdi Tbilisi,
Köp zat öwretdiň özüň elin!
Ýaşap giden ýaly men, elli ýyl öň bu şäherde,
Ýaşym otuza-da ýetenok welin.

Meňzejek bolýan özümçe,
Köprüleňden kän geçen,
Lermontowa, Dýuma, Tolstoýa, Puşkine...
Tukatlygma seretme,
Gelnimden, gyzymdan aýra bolanym üçin,
İçimde dur,
Sähelçe kine.

Näçe agyr günde bolsamam,
Aýdyma hiňlenip her ýeriňe aýlanýan.
Ýanýodalarňa,
Kän derdimi gowzatdym.
Buýsançly köne köçeleňde,
Ýaşlygymy owratdym.

II
Marjinaşwili, Rustaweli şaýollaň,
Utanjaň hem owadan,
Ýaňy sähedi bellenen gyz ýaly.
Elim jübimde aglap barýarkam,
Ýagyş damjalary göwünlik berip,
Begendirýär yz ýany.

Tebigatyň gepleşigi,
Salkyn howa, hozlar, guşlar, çynarlar...
Asyrlaryň sepleşigi,
Her gala, her bina, her öý.
Sadalyk kükeýär üsti-başyňdan,
Adamlaryň ýönekeý.

Menden altyn ýasadyň,
Eredip misi.
Saňa meň göwnüm gitdi,
Gadymy, dagly Tbilisi!

/maý, 2020. Tbilisi, (pandemiýa)

© Musa ÝUSUP
Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: Kerep | Теги: Musa Ýusup | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 7
avatar
0
1 Kerep • 11:57, 18.12.2023
Ah, Tbilisi, Tbilisi... Meni on ýaş garratdyň
avatar
0
2 Medicall • 12:33, 18.12.2023
Gowy!

suratda goýlana serdeňde Tbilisi krasnowodskyň jülge, karl marks, olimpiýski, sowetskiý, şewçenko, köçelerini, irki jaýlarynyň dag tarapy alynan suratyny ýada saldy
avatar
0
3 garagar • 12:34, 18.12.2023
Musa, aýdyma öwrülen goşgyňam paýlaşsana, eliň degende.
avatar
0
4 Arzuw_Umydow • 17:14, 18.12.2023
Aýralyk ýumşadylyp berlipdir. Teswiri okamasañ Tibilisiniñ garradany duýulanok. Eliñ jübiñde, gözüñ ýaşly ýeri welin süýjiden gelen gussaly
avatar
0
5 Мango • 22:11, 18.12.2023
tiflisden bu surat eddil gadym aşgabadyň wosmoý ýa-da gaža raýonyna meňzep duken. edil aşgabat baýyryny ýada saldaý.

goşgyny haladym.
ýürekdenjik derdini aýdýanja.
diňläsiňi getirip du.

Lermontowa, Dýuma, Tolstoýa, Puşkine... meňzejek boluşyňa-ha düşnükli.
ine şu "utanjaň Marjinaşwili, Rustaweli şaýollaryny" düşündirsene giňräk.
köçeler (şaýollar) nädip utanjaň bolýalar we ony nädip duýmaly?

5 ýyzzyl menden, Kerep daýy.
avatar
0
6 Pero • 22:23, 18.12.2023
"Ýaşap giden ýaly men, elli ýyl öň bu şäherde,
Ýaşym otuza-da ýetenok welin." bu setirleri okap,Toskany ýadyma dūşdi. Ah,Toskany,meniñ ruhumyñ öñki ỳaşan ýerleri! Görýän weli beýle duýgyny başdan geçirýän başga-da bar ýaly. Muña gaty begendim. Ýogsam özümi tokaýa düşen Mauguli ýaly duýup ýördüm. Ajap goşgy ün awtora MINNETDARLYK HATY
avatar
0
7 Seýrаn • 23:50, 18.12.2023
Shol setirleri in gowy setirleri yaly gaytyp. Yashym otuza yetmese-de diyip, ozunden onki setirin guyjuni gideripsin.
Duygy bar, tazece anladysh bar. Ustunlik awtora.
avatar

uCoz